Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna täze ýolbaşçy bellenildi

23:2801.02.2019
0
8796

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň 1-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde G.H.Nurmuhammedow hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Guwanç Halberdiýewiç Nurmuhammedow Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory wezipesine bellenildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň orunbasary Döwletmyrat Baýmyradowiç Gulmyradow Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň