Türkmenistanly ştangaçy gyz dünýä çempiony bolup biler

23:5823.01.2019
0
7894

Geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Tailandyň milli ýygyndysynyň türgenleriniň dördüsiniň doping ulanandygy ýüze çykaryldy. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasynyň metbugat gullugy hem habar berdi.

Doping ulanan türgenleriň ikisi dünýä çempionlarydyr. Zenanlaryň arasynda 55 we 45 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Sukanýa Srisurat bilen Tunýa Sukçaroýen türkmen paýtagtynda geçirilen dünýä çempionatynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykypdylar. Şeýle hem Sopita Tanasan 49 kilogramda dördünji, Çitçanak Pulsabsakul 87 kilogramda altynjy orny eýeläpdi.

Bu türgenleriň ählisi hem halkara ýaryşda özüni aldyran, medallaryň ençemesini gazanan türgenler. Mysal üçin, Srisurat Olimpiada ― 2016-nyň ýeňijisi, Uniwersiada ― 2017-niň bolsa kümüş medalynyň eýesi. Rio ― 2016-da Tanasan hem altyn medal eýeläpdi. Pulsabsakul bolsa dünýä çempionatlarynda iki gezek bürünç medala mynasyp bolan türgen. Sukçaroýen ― Dünýä çempionaty ― 2017-niň kümüş medalynyň eýesi.

Doping barlaglarynyň netijesine görä, türgenleriň Dünýä çempionaty ― 2018-däki gazanan orunlaryna heniz üýtgeşme girizilenok. Ýöne IWF bir karara gelip, olaryň dünýä çempionatynda gazanan medallary elinden alynmaly bolsa, Tunýa Sukçaroýeniň altyn medaly şol ýaryşda kümüş medal eýelän ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa gowşurylyp bilner. Ähli zat IWF-niň çözgüdine bagly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň