Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen serhetçileriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirilýär

20:3616.01.2019
0
1689

«Nesil» gazetinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde serhetçi serkerdeleriň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Terbiýe – düzgün-nyzamyň gözbaşy» atly çeper-döredijilik bäsleşiginiň geçirilýändigi barada bildiriş çap edildi.
Bäsleşigiň düzgünnamasynda nygtalyşy ýaly, ol iki tapgyrdan ybarat bolar.  1-nji tapgyry Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmelerinde, harby bölümlerde we harby bölümçelerinde 2019-njy ýylyň aprel aýynyň dowamynda geçirilip, jemleniler. 2-nji tapgyr 2019-njy ýylyň maý aýynyň 1 – 15-i aralygynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Aşgabat serhet birikmesiniň çäginde geçirilip, oňa Türkmenistanyň Döwlet serthet gullugynyň Merkezi edarasynyň terbiýeçilik işleri bölüminiň ofiserlerinden we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekillerinden, bilim hem-de döredijilik işgärlerinden düzülen topar eminlik eder.
Bäsleşik iň gowy ynsanperwerlik depderiniň awtory; iň gowy terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresini guraýjy; iň gowy ynsanperwerlik taýýarlygyndan okuw sapagyny guraýjy; iň gowy döredijilik işiniň awtory diýen ugurlar boýunça geçiriler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda üç baýrakly orun, şeýle hem umumy bäsleşigiň netijesi boýunça aýratyntapawutlanan harby gullukça (topara) baş baýrak bellenilýär. Şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşan harby gullukçylar höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanar. Bäsleşigiň ýeňijileri we işjeň gatnaşan harby gullukçylary Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň