Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti IIM-niň Hojalyk müdirliginde göçme iş maslahatyny geçirdi

20:3010.01.2019
0
794

Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde her ýyl däbe öwrülen «Hiemtextile» sergisiniň 2019-njy ýyldaky gözden geçirilişi ýaýbaňlandyryldy. Onda dünýäniň öňdebaryjy dokma önümlerini öndüriji döwletleriniň iň naýbaşy işleri görkezilýär. Şu gezekki sergä gatnaşyjylara Ýer ýüzüniň 65 döwletinden 3 müňden gowrak eksponat hödürlenildi. Sergä dokma önümlerini getirenleriň arasynda ABŞ, Kanada, Italiýa, Fransiýa, Türkiýe, Pakistan, Hindistan ýaly döwletleriň wekilleri bilen birlikde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri hem bar.

49-njy gezek geçirilýän «Hiemtextile» sergisinde  ýurdumyzyň wekilleri oňa gatnaşyjylara özüneçekiji dizaýny we ýokary hili bilen tapawutlanýan ýapynjalary, ýumşak el süpürgiçleri, aşhana we hammam üçin dokma önümleriniň toplumyny we beýleki önümleri hödürlediler.

Sergi öz işini 11-nji ýanwarda tamamlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň