Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak oňyn netije berýär

14:2722.12.2018
0
7614

“Ak durna” hususy kärhanasy her gün Daşoguzyň söwda nokatlaryna ýüzlerçe kilogram täze balyk ugradýar. Kepiriň, akmarkanyň, çapagyň we beýleki balyklaryň alyjysy ýetik. Şu ýyl “Ak durna” sebitde balyk ýetişdirmeklige we tutmaklyga ýörüteleşdirilen iň uly hususy kärhana boldy, bu bolsa bäsleşik esasynda ozalky “Daşoguzbalyk” döwlet kärhanasyny hususylaşdyrmagynyň oňyn netijesidir. 
Kärhananyň täze eýelerine edara jaýy, kakadyjy we sowadyjy sehli senagat zolagy, motorly gaýyklaryň onlarçasy ýetdi. Täze edinen emlägini S.A.Nyýazow adyndaky etrapda ýerleşýän bäş gektarlyk howdan hojalygy bilen birleşdirip, kärhananyň täze eýeleri diňe bir önümçiligiň ugruny saklap galman, eýsem onuň mümkinçiligini has-da ýokarlandyrdylar. Indi “Ak durnanyň” Sarygamyş kölünde on bäş adamdan ybarat balyk tutýan topary bar. HK geljekde balygy wakuum usulda gaplamak üçin gerekli enjam satyn almagy we oturtmagy göz öňünde tutýar. 
Ýurdumyzda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnama şahsy haryt öndürijilere gaýtadan işleýän kuwwatlyklary artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Döwlet eýeçiligndäki kärhanalary hususylaşdyrmagyň şowly mysaly hökmünde Daşoguzyň ozalky baş ýag-süýt zawodynyň binýadynda “Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk Jemgyýetiniň döreden ýurdumyza belli süýt önümlerini öndürýän “Şawat” APJ-ni görkezmek bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň