Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda ýokary netijeli sporty ösdürmek baradaky wezipeleri kesgitledi

15:0710.12.2018
0
1248

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze binalar toplumy bilen gurluşygy bilen tanyşlygyň barşynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde käbir ugurlar barada durup geçdi. Hususan-da, milli Liderimiz sport ulgamynda doping bilen baglanyşykly meseleler halkara derejede ykrar edilen talaplara laýyk gelmelidir diýip belledi. Bu babatda ýurdumyzyň ähli sport federasiýalary Dopinge garşy göreşmek baradaky halkara gullugy (WADA) bilen işjeň hyzmatdaşlygy saklamalydyr.

Türgenleriň iýmitlenmek meselelerine aýratyn üns bermeli. Munuň özi, ilkinji nobatda, türgenleriň bedeniniň türgenleşiklerde we ýaryşlarda düşýän agrama uýgunlaşmagynyň çäklerini giňeltmäge, güýji dikeltmäge ukyplydyr. Türgenleriň taýýarlyk derejesi we ýokary netijeleri gazanmagy olaryň iýmitlenmeginiň guralyşyna bagly bolar.

Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň birinji gatynda Türkmenistanyň milli sportunyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünlikleri we ýeten derejesi bilen tanyşdyrýan ýörite zalyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň