Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda neşe söwdasy bilen meşgullananlaryň bir topary tussag edildi

07:1502.12.2018
0
31443

Döwlet Howpsuzlyk komitetiniň 1-nji dekabrda geçirilen mejlisinde içeri işler ministri I.Mulikow döwlet Baştutanyna ýurtda neşekeşlik boýunça düzgün bozanlaryň we beýleki jenaýat edenleriň bir toparynyň ele salnandygyny, olaryň eden etmişlerine görä jenaýat işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Ýurdumyzda ýazgarylýan neşe söwdasyna baş goşup, ele düşenleriň, şeýle hem galp söwda arkaly baýamak islänleriň eden etmişlerine görä jeza çärelerini çekjekdiklerini aýdyp, ministr bu ugurda ähli hukuk goraýjy düzümler bilen bilelikde iş alnyp baryljakdygyny ynandyrdy.
Kanunylygyň we hukuk tertibiniň saklanmagynyň demokratik we hukuk döwletiniň pugta binýady bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň işine täzeçil usullary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, milletiň Lideri ministrligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany jemgyýetimizde neşekeşlige asla ornuň bolmaly däldigini aýdyp, bu ugurda ýüze çykýan düzgün bozmalara garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylmalydygyny, jenaýatyň islendik görnüşi bilen meşgullanýanlaryň degişli jeza çäresini almagy babatda zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu baradaky gürrüňi dowam edip, neşeleriň bikanun söwdasynyň ýaramaz ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýandygyny, şonuň üçin bu işe baş goşanlaryň degişli jezalaryny çekmekleri, mundan beýläk-de diňe bir neşe söwdasy däl, eýsem, islendik galplyga we jenaýatçylygyň ähli görnüşlerine tutuş halkymyzyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümleriniň tagallalary arkaly örän netijeli göreş alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň