Soňky habarlar

Arhiw

Dekabr aýynda Türkmenistanda baý medeni maksatnama garaşýar

16:2101.12.2018
0
10614

30-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa döwlet Baştutanyna dekabr aýynda geçiriljek çärelere hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşi, şolara gabatlanyp açyljak medeni-durmuş maksatly binalary ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.
Dürli medeni çäreleri, şol sanda Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyla bagyşlanan medeni çäreleri geçirmegiň baý mazmunly maksatnamasyny sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek konsertler, guraljak teatr sahnalary, degişli sergiler we bäsleşikler, ylmy maslahatlar, sport ýaryşlary, baýramçylyk çäreleri düzer. Halkara forumlaryň hatarynda dekabr aýynyň birinji ongünlüginde geçirilmegi meýilleşdirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahat, Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan çäreler bar.
Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle hem bu baýramçylyga gabatlanyp, ýörite maslahat, “Merdana nesil — 2018” atly bäsleşigiň netijelerini jemlemek, fotosuratkeşleriň arasynda bu çärelere bagyşlanan sergiler, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-medeni maksatly binalaryň açylyş dabaralary geçiriler. 11-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda, Ahal welaýatynyň Kaka şäherinde, Gökdepe we Bäherden etraplarynda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda, Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde durmuş-medeni maksatly binalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Täze ýyl baýramçylyk çäreleri “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, ýurdumyzyň welaýatlarynyň baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl Baş arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralaryndan başlanar. Ýurdumyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry şol wakalaryň biri bolar. Esasy dabaralar bolsa 31-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada guralyp, bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň we estrada aýdymçylarynyň, şol günleriň gahrymanlary — Aýazbabanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy geçiriler. Şeýle hem dekabrda iri sport çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi. milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, şol çäreler diňe paýtagtymyzda däl-de, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýatdan çykmajak we gyzykly çärelere öwrülip, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, iň gowy milli däplerimiziň beýany bolmalydyr.
Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny baýlaşdyrjak halkara çäreleri we maslahatlary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milletiň Lideri Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk görlüşine ünsi çekip, şolary geçirmek bilen bagly çäreleriň — çeper bezelişinden çykyşlaryň baý mazmunly ýerine ýetirilişine çenli ähli meselelere jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi türkmen toýuna mahsus bolup, hemmelere, ilkinji nobatda, çagalara şatlyk-şagalaň hem-de ýatdan çykmajak täsirleri peşgeş bermelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň