Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Liderleri metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler

10:5223.11.2018
0
5966

Türkmensitanyň we Azerbaýjanyň arasynda täze ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekilenden soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi, şol gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna, şolaryň ýagdaýyna we mümkinçiliklerine, şeýle hem sebit we dünýä gün tertibiniň meselelerine seredildi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halkara meseleler boýunça, ilkinji nobatda, diňe bir sebitde däl-de, eýsem, tutuş dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak babatda garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny nygtamak bilen, azerbaýjan tarapyna ýurdumyzyň ähli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol başlangyçlar Bitaraplyk derejesine esaslanan daşary syýasat ýörelgesinden ugur alýar. Türkmenistan hem öz tarapyndan doganlyk Azerbaýjany hemişe goldaýar.

Iki goňşy ýurdy birleşdirýän Hazarda hyzmatdaşlyk etmek barada hem pikir alyşdyk diýip, Döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Hazar deňziniň hukuk derejesi barada Konwensiýa kabul edildi. Biz hemişe Hazar deňziniň parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzidigini nygtap gelýäris, mundan beýläk-de şu syýasaty alyp bararys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda oba hojalygy, gurluşyk, senagat, täze tehnologiýalar ýaly geljegi uly pudaklarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toparyna seredildi. Ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklar baradaky meselä-de deglip geçildi.

Döwlet Baştutany hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda energetika ugruny görkezdi. Şunda energiýa serişdelerini sebit we halkara bazarlara çykarmak maksady bilen, umumy tagallalary birleşdirmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Biziň döwletlerimiziň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara topar işleýär, ol örän köp işleri bitirýär hem-de geljekde netijeli işleri ugur edinýär.

Milletiň Lideri döwletara gatnaşyklaryň esasyny düzýän medeni-ynsanperwer ulgamyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň taryhy-medeni kökleriniň umumylygynyň möhüm şert bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda bu asylly däpleri dowam edip, geljekki nesilleriň watançylyk we milli gymmatlyklaryň ruhunda terbiýelenilmegine ýardam etmegi buýsançly ýagdaýdyr.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda halklarymyz üçin däbe öwrülen, amaly-haşam sungatymyz bolan halylarymyz ýaly möhüm ugra deglip geçildi diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan we Azerbaýjan öz halylary bilen hemişe şöhratlanypdyr. Şonuň üçin ýurtlaryň ikisinde hem haly sergilerini guramagyň maksada laýyk boljakdygy, şeýle hem halkara maslahaty geçirmek barada bir pikire geldik diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şeýlelikde, şu gün meseleleriň giň toparyna garaldy hem-de resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, olaryň ünsüni iki ugra çekdi, olaryň birinjisi ulag ulgamydyr. Şunda taraplar üstaşyr geçelgeleri hem-de degişli logistika ulgamyny ösdürmek boýunça gatnaşyklary ýola goýmak barada pikirlerini aýtdylar, goý, bu awtomobil, parom gatnawy ýa-da howa giňişligi, demir ýollary bolsun, ýöne esasy zat, indi biziň ýurtlarymyzyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgesini we logistikany ösdürmek meseleleri bilen meşgullanjak ýörite topar işläp başlar.

Hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň hem, Azerbaýjanyň hem nusgalyk mysallary köpdür. Olaryň hatarynda Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda Ýewropa çykalgany üpjün etjek üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek boýunça gol çekilen ylalaşyk bar. Bu Gündogar — Günbatar ugry boýunça ýol bolup, ol tutuş Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirer. Ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen özara gatnaşyklar barada aýdylanda, şunda hyzmatdaşlyk üçin, hususan-da, TRASEKA, şeýle hem IRU ugurlary boýunça oňat mümkinçilikler bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, bu babatda 28-nji noýabrda biz halkara maslahaty geçireris diýip belledi. Biz şu gün gatnaşyjy ýurtlara belli bir ýeňillikleri, aýdaly, ýeňillikli tölegleri we şuňa meňzeşleri edip biljekdigimizi kärdeşler derejesinde ara alyp maslahatlaşdyk. Indi bolsa esasy dogry logistikany ösdürmek galýar.

Ikinji mesele, şu gün gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna giren, 2019 — 2021-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakynda maksatnama bilen baglydyr diýip, Milletiň Lideri belledi. Ol hem mundan beýläk-de haryt dolanyşygymyzy ösdürmäge ýardam eder. Häzir bu babatda oňat ýagdaýlar döredi, statistika laýyklykda, haryt dolanyşygynyň görkezijisi ýylsaýyn ýokarlanýar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, takmynan, 17 göterim ýokarlandy. Bu barada aýtmak bilen, Döwlet Baştutany Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara toparyň işiniň wajyp ornuny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüni jemlemek bilen, şu günki gepleşikler özara hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýynda geçip, taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezdi diýip belledi.

Milletiň Lideri pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de belent mertebeli myhmana we Azerbaýjanyň ähli doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de doganlyk türkmen topragynda bolmak bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşindäki gazanylanlar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolandygyny belledi. Azerbaýjanda Türkmenistanyň üstünliklerine öz üstünlikleri ýaly guwanýandyklaryny nygtap, belent mertebeli myhman döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, azerbaýjan halkyndan ähli türkmen halkyna doganlyk salamyny ýetirdi.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, bizi taryh, medeniýet, umumy kökler, däp-dessurlar, dünýägaraýşymyz birleşdirýär. Munuň özi kuwwatly binýat bolup, ol bize gatnaşyklarymyzy deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we doganlyk ýörelgeleri esasynda gurmaga mümkinçilik berýär. Emma, eýýäm häzirden bu saparyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda aýratyn orun eýelejekdigini ynamly aýtmak bolar. Bu gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleri bar.

Azerbaýjan Lideri sözüni dowam edip, geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, alnyp barlan işleriň netijeleriniň jemlenendigini hem-de mundan beýläk özara hereket etmegiň ýollarynyň bellenendigini aýtdy. Resminamalaryň 20-den gowragyna gol çekildi. Olaryň her biri anyk häsiýete eýedir. Bu bolsa türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň derejesiniň, hyzmatdaşlygyň geriminiň hem-de taraplaryň maksatlarynyň, birek-birege doganlyk gatnaşyklarymyzyň görkezijisidir.

Diňe ýakyn ýurt bilen durmuşyň dürli ugurlary boýunça işleşmek mümkindir diýip, belent mertebeli myhman nygtady. Biz geljekde hem halkara guramalarda we düzümlerde birek-birege özara goldaw bermek barada ylalaşdyk. Bu eýýäm adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu hem döwletara gatnaşyklarymyzyň tüýs ýürekden amala aşyrylýandygyny görkezýär diýip, Azerbaýjanyň Baştutany belledi.

Prezident Ilham Aliýew türkmen Lideriniň giňişleýin beýan eden, gepleşikleriň gün tertibiniň esasy meselelerine degip geçip, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmagyň üstünde giňden işlemek maksadyny tassyklady. Bu babatda bilelikdäki hökümetara topara degişli tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýýäm belläp geçişi ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine uly orun berildi diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Saparyň öňýanynda iki ýurduň wekiliýetleri depginli işlediler, gepleşikleriň birnäçe tapgyrlaryny geçirdiler hem-de «Gündogar — Günbatar» halkara geçelgesiniň işlemeginiň esasy meselelerini ylalaşdylar.

Türkmenistan we Azerbaýjan geçen ýyllarda döwrebap ulag düzümini we logistika mümkinçiliklerini döretmek üçin uly işleri geçirip, ugurdaş ýörelgelere eýerdiler diýip, goňşy döwletiň Baştutany belledi. Munuň özi tebigy ýagdaýdyr, çünki ol biziň ýurtlarymyza we halklarymyza zerur bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistanda we Azerbaýjanda halkara söwda portlarynyň şol bir wagtda, şol bir aýda — maý aýynda açylmagy hem tötänden däldir.

Biz öz çäklerimizde bu taslamalara maýa goýmak barada öňdengörüjilikli çözgütleri kabul etdik, bu gün bolsa biz söwda portlarymyzyň goşulyşmagy barada gürrüň edýäris. Şu gün degişli resminama hem gol çekildi. Bu bolsa biziň ýurtlarymyza haryt dolanyşygyny we üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmaga mümkinçiligi üpjün edýär diýip, belent mertebeli myhman nygtady.

Öz goňşulary üçin hem uly mümkinçilikleri döredip, Azerbaýjan we Türkmenistan möhüm ulag we logistika halkasyna öwrülýär. Döwrebap düzümler ulag ulgamyna iri maýa goýumlar işlemek üçin ajaýyp şertleri üpjün edýär diýip, Prezident Ilham Aliýew aýtdy hem-de ýakyn wagtda iki ýurduň arasyndaky ýük akymynyň ep-esli artjakdygyna ynam bildirdi.

Bakuwyň Alýat halkara söwda portunda Türkmenistandan goşmaça ýükleri kabul etmek üçin ýörite ýer berilýär. Şoňa görä-de, biz «Gündogar — Günbatar», «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça döwletlerimiziň arasynda üstaşyr gatnawlaryň artýandygyny göreris diýip, Azerbaýjanyň Baştutany nygtady. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, geçen ýyl Baku — Tbilisi — Kars demir ýolunyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti hem bellenildi.

Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, geçirilen gepleşiklerde sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin täze şertleri üpjün edýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bolan anyk meseleleri çözüldi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň Lideri yzygideri özara hereket etmek, däp bolan doganlyk döwletara gatnaşyklary berkitmek hem-de umuman, sebitiň ýurtlarynyň arasynda has oňaýly ýagdaýlary döretmek üçin häzirki saparyň ähmiýetini belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň doganlyk halkyna milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk, rowaçlyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş, öz türkmen kärdeşine bolsa berk jan saglyk, täze üstünlikleri we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň