Soňky habarlar

Arhiw

"Demokratiýa we hukuk" žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

14:1309.11.2018
0
2099

Her çärýekde neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üçünji sany “Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen açylýar. Bu institut döwleti öwreniş we Türkmenistanyň kanunçylygy babatda düýpli hem-de amaly barlaglary geçirmek, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak işlerini ylmy taýdan esaslandyrmagy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk instituty goşulyp, şolaryň binýadynda döredildi.

Okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän makalalaryň hatarynda “Kazyýet ulgamynyň kämilleşdirilmeginde konstitusion-hukuk kadalarynyň we ýörelgeleriniň orny” atly makala bar. Onuň awtory ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň ähmiýetini belläp, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň yzygiderliligine seljerme berýär.

“Türkmenistanyň Ýewropa ugry boýunça transaziýa ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek babatda başlangyçlary” atly makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň eýeleýän orny nygtalýar. Ol häzirki zaman tapgyrda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmäge we umuman alnanda, dünýä ähmiýetli möhüm meseleleri çözmäge ýardam edýär.

Şeýle hem žurnalda ýerleşdirilen “Halk Maslahaty — halkyň jebisligi” atly makalada umumymilli forumyň jebisleşdiriji ähmiýeti bellenilýär. Onuň taryhy çeşmeleri hem-de durmuş ugurly döwlet syýasatyny amala aşyrmakda ähmiýeti barada aýdylýar.

“Türkmenistanyň maýa goýum kanunçylygynyň ösüşi” atly makala hünärmenleriň ünsüni özüne çekse gerek. Bu gün ýurdumyzda, umumy ykrar edilen halkara kadalara hem-de ýörelgelerine kybap gelýän netijeli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyň döredilendigini bellemek bilen, awtor erkin telekeçiligi, harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň erkin hereket etmeginiň, bäsdeşligi goldamagyň, ykdysady işiň erkinliginiň kepilliklerini, eýeçiligiň döwlet, hususy hem-de beýleki görnüşleriniň ykrar edilmegini we deň derejede goralmagyny üpjün edýän kanunlary mysal getirýär.

“Türkmenistanda aýallaryň zähmet hukuklary” diýen makalada ýurdumyzda zähmet çekmekde aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny, aýallaryň zähmetini goramagyň durmuş kepilliklerini üpjün etmäge gönükdirilen kanunlaryň täsirliligi anyk mysallarda görkezilýär.

Neşir “Senenama” atly habarlar toplumy bilen jemlenip, onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar beýan edilýär.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, türkmen hukukşynaslarynyň işine syn berilýär, umumymilli forumyň birinji mejlisiniň kabul eden resminamalary çap edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň