Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty üçin dokma önümleriniň 1300-e golaýy toplumy taýýarlanyldy

23:3723.10.2018
0
4303

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary Aşgabatda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türgenler we ýaryşyň myhmanlary üçin ýedi müňe golaý lybas we esbap taýýarladylar. Dünýä birinjiligine gatnaşýanlaryň lybaslar toplumy alty eşikden –agyr atletika boýunça ýurduň ýygyndy toparynyň eşiginden, meýletinleriň, ýaryşyň guramaçylarynyň, lukmançylyk işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinň, tehniki işgärleriň eşiklerinden ybaratdyr. Doping barlagynyň serkerdeleri üçin birinjiligiň nyşany şekilli köýnekçeler tikildi - diýip, çempionatyň resmi saýtynda aýdylýar.

Jemi eşikleriň 1300-e golaý toplumy taýýarlanyldy, onda keltekçe we jalbar, ýeňsiz köýnekleriň ikisi, beýsbol papagy, torba bar. Türgenleriň eşigi ak-gök reňklerde tikilen. Guramaçylar, hyzmat edýän işgärler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we meýletinler üçin lybaslar toplumy dürli reňkleri we ozboluşly dizaýnerçilik tilsimleri, meselem, keteniniň ulanylmagy bilen tapawutlanýar.

Lybaslar az garyndyly nah matalardan, şeýle hem trikotaždan tikilen. Ýaryşa dürli ýurtlardan gelýän myhmanlardyr ýurdumyzda sportuň şu görnüşini halaýanlar hem ünsden düşürilmändir. Türkmen dokmaçylary sowgatlyklar toplumlarynyň uly tapgyryny – agyr atletika boýunça 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň nyşany ýerleşdirilen ýeňsiz köýnekleri, köýnekçeleri, torbalary taýýarlapdyrlar. Olary ýöriteleşdirilen dükanlardan satyn alyp bolar, olaryň bir bölegi birinjiligiň geçirilýän günleri paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde hereket eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň