Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy

23:0620.10.2018
0
2677

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Estoniýadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, nebit ýol bitumuny satyn aldylar. Şweýsariýadan, Gonkongdan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň nebit ýol bitumuny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz aýna, mata we nah ýüplük, pagta süýümi, hojalyk pamygy ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, Gonkong, Türkiýe, BAE, Ermenistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 109 million 480 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 736 müň manatdan gowrak bolan dokma önümlerini, garyşyk we nah ýüplügi satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň