Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary Pekindäki halkara medeni festiwala gatnaşdylar

16:0416.10.2018
0
4329

Hytaýyň paýtagtynda ýerleşýän mugallymçylyk institutynda bilim alýan türkmenistanly talyplar halkara medeni festiwalyna gatnaşdylar. Festiwalda ýurtda hünär edinýän dürli milletleriň talyplarynyň arasyndaky dost-doganlygy we medeniýetleriň arabaglanşygyny pugtalandyrmagy maksat edinýär. Oňa 26 döwletden 100 töweregi talyp, şol sanda türkmenistanly ýaşlar hem gatnaşdy. Biziň ildeşlerimizden başga-da, ABŞ-dan, Kanadadan, Germaniýadan, Koreýadan, Italiýadan, Russiýadan we beýleki döwletlerden gelen talyplar milli aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.
Festiwalda her toparyň wekilleri öz güýji bilen sergi taýýarlap, milli aşhanasyndan tagamlary bişirdiler. Şeýle hem milli aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň