Soňky habarlar

Arhiw

Olimpiýa köçesinde söwda merkezi açyldy

19:5314.10.2018
0
17231

Paýtagtyň durmuş-ýaşaýyş düzümleriniň üstüni ýetiren iki gatly hyzmatlar merkeziniň açylyş dabarasyna şäher we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulylar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabadyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Dabarada aýdym-sazly, türgenleriň çykyşlary boldy.

Toplumyň birinji gatynda azyk önümleriniň, ikinjisinde – senagat we hojalyk harytlarynyň giň görnüşi bar. Söwda bölümleriniň marketing düzgünlerine we hyzmatyň döwrebap ugrunyň talaplaryna laýyklykda oýlanşykly ýerleşdirilmegi alyjylar üçin amatly şertler döredýär, olara ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler teklip edilýär. Merkeziň içişiginde oturdylan alyjylar üçin oňaýly maglumatlar terminaly gerekli önümiň ýa-da harydyň barlygy barada maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň