Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna ugrady

02:1224.08.2018
0
3735

23-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady, bu ýerde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ertir Türkmenistanyň häzirki wagtda başlyklyk edýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler. Döwlet Baştutany Balkan welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milletiň Liderini resmi adamlar ugratdylar.
Döwlet Baştutany Türkmenbaşy şäherine gelenden soňra Hazaryň kenaryndaky kabulhanasyna ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň