Lebap welaýatynda gury gips garyndylaryny we gipsokarton çykarýan zawod gurulýar

14:3306.08.2018
0
6993

Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherinde “Hilligurluşykönümleri” hojalyk jemgyýei gury gips garyndylaryny we gipsokarton öndürýän zawod gurýar. Täze önümçilik Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň Magdanlydaky gurluşyk materiallary kärhanasynyň düzüminde hereket eder.

Gips daşlarynyň baý känleri täze önümçilik üçin çig mal bolar. Ýylda 12 million inedördül metr gipsokarton we 100 müň tonna gury gips garyndylaryny çykarmaga niýetlenen zawody döwrebap enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri çykarmaga, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Gurluşygy indiki ýylyň ahyryna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň