Soňky habarlar

Arhiw

Rabatkaşan — Kalaýnau täze elektrik geçirijisi ulanmaga berildi

10:0027.07.2018
0
7182

Türkmen-owgan dostlugynyň ýylýazgysyna nobatdaky şöhratly sahypa ýazyldy. Rabatkaşan — Kalaýnau täze elektrik geçirijisi ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti täze elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Bu dabara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň gatnaşmagy bolsa onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Geçirijilik ukyby sagatda 100 megawatta deň bolan bu elektrik geçirijisi Kerki — Hamýap — Garkyn, Marçak (Türkmenistan) — Marçak (Owganystan) we Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlarynyň ilkinjisidir. Bu ugurlaryň işe girizilmegi Owganystanyň dürli sebitlerine türkmen elektrik energiýasyny ýokarlandyrylan möçberde ibermäge mümkinçilik berer.

Ymamnazar — Andhoý hem-de Serhetabat — Hyrat ugurlary boýunça goňşy ýurda türkmen elektrik energiýasynyň eýýäm millionlarça kilowatt – sagady iberildi. Şunuň netijesinde, owgan sarp edijileriniň ýaşaýyş- durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, täze önümçilikleri hem-de iş orunlaryny döretmek üçin şertler döredildi. Ýaş owganystanlylaryň ýüzlerçesi energetika hünäri boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim aldy.

Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasynyň barşynda Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani Owganystanyň Türkmenistany hoşniýetli dost hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli syýasatyna ýokary baha berýändigini nygtady. Şol syýasat bolsa sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Bu taslamany amala aşyrmak üçin ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Şonuň çäklerinde türkmen hünärmenleri elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda podstansiýany we elektrik geçirijisini gurdular. 110 kW “Rabatkaşan — Kalaýnau” elektrik geçirijisiniň uzynlygy Türkmenistanyň çäginde 60 kilometre barabardyr. Ol Tagtabazar etrabyndaky 110 kW “Rabatkaşan” podstansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Kalaýnau şäherindäki 110 kW “Kalaýnau” podstansiýasyna çekildi. Onuň uzynlygy Owganystan Yslam Respublikasynyň çäginde 52 kilometr bolup, umumy uzynlygy 112 kilometre deňdir.

Täze gurlan 110 - /20 kW “Kalaýnau” transformator bekedinde 110 kW açyk paýlaýjy gurluş, bir sany kuwwatlylygy 22,5 MWA bolan 110/20 kW transformator, 5 sany 20 kW çykyş fiderleri gurnaldy. 20 kW çykyş fiderleriniň 4-si Kalaýnau şäherine elektrik energiýasyny bermek üçin howa elektrik geçirijilerine kabeller bilen baglaşdyryldy. Iki sany 20 kW fider bolsa ätiýaçda durýar.

Ýerli hünärmenlerden alnan maglumatlara görä, häzirki wagtda Kalaýnau şäherinde ilata elektrik energiýasy dizel generatorlary arkaly berilýär. Bu ýerde jemi 55 sany 20/0,4 kW transformator beketleri bolup, olar bir sany 400 kWA, alty sany 315 kWA, on sany 250 kWA, on iki sany 160 kWA, ýigrimi alty sany 100 kWA toplumyndan ybaratdyr.

Owgan tarapy şu elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasynyň çäklerinde “Kerki — Hamýap — Garkyn” elektrik geçirijisini gurmak hakynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda meýiller hakynda teswirnama” gol çekilmegini ruhubelentlik bilen kabul etdi.

Teswirnama laýyklykda, türkmen serhedinden Owganystanyň Hamýap etrabyna we ondan Garkyn etrabyna çenli güýjenmesi 110 kW bolan elektrik geçirijisini, şeýle hem Hamýap we Garkyn etraplarynyň hersinde güýjenmesi 110 kW bolan bir sany elektrik bekedini gurmak boýunça Owganystanyň Energetika we suw hojalygy ministrligi bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň