Aziýa kubogyndaky garşydaşymyza täze baş tälimçi geldi

15:4026.07.2018
0
2832

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Aziýa kubogy — 2019-daky topardaşy Ýaponiýanyň ýygyndysynyň başyna täze baş tälimçi geldi. Ýurduň Futbol federasiýasy milli ýygyndysyny Dünýä çempionatynda 1/8 finala çykaran Akiro Nişodan boşan bu wezipä Hažime Moriýasuny getirdi.
Hažime Moriýasu futbol oýnan ýyllarynda bir gezek (1992-nji ýylda) Aziýa kubogyna mynasyp bolup görüpdi. 2004-nji ýylda tälimçilige girişen hünärmen dürli klublar bilen üç gezek Ýaponiýanyň çempiony boldy, iki gezek hem ýurduň Naýbaşy kubogyny gazandy. 2015-nji ýylda bolsa klublar arasyndaky Dünýä çempionatynda üçünji orny eýeledi.
Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda utup gelýän duşuşygynda Belgiýanyň ýygyndysyndan 2:3 hasabynda ýeňlip, ýaryşdan çekilipdi. Ol toparçadan çykmagy başaran ýeketäk Aziýa ýygyndysydyr.
Ýapon futbolçylary Aziýa kubogy — 2019-da biziň ildeşlerimiz bilen bir toparçada çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň