Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

09:4126.06.2018
0
5471

25-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.
Iş maslahatynyň barşynda:
Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew galla oragynyň depgini hem-de ýene bir jogapkärli möwsüme — pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görlüşi, şol sanda hatarara bejergi hem-de ösüş suwuny tutmak, goşmaça iýmitlendirmek hem-de haşal otlardan arassalamak boýunça geçirilýän işler;
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çäreler;
Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow galla oragynyň hem-de obasenagat ulgamynda beýleki işleriň barşy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de welaýatda gurluşygy dowam edýän desgalarda işleriň ýagdaýy;
wise-premýer M.Çakyýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Jadyly kenar” seýilgäh-dynç alyş toplumynyň öňündäki aýlaw ýolunyň merkezinde hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Balkan welaýatynda Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň ugrunda hem-de Garabogaz aýlagynda gurulmagy göz öňünde tutulýan köprüleriň taslamalary;
Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, galla oragyny bellenilen möhletlerde geçirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça görülýän çäreler, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak, şeýle hem pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleri we gowaça meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler;
welaýatda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy;
Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew gündelik oba hojalyk işleri, ilkinji nobatda, galla oragynyň barşy hem-de gowaça toplumlaýyn ideg etmek, şol sanda hatarara bejergi işlerini geçirmek, suwarmak işleri;
ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem sebitde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy;
wise-premýer M.Çakyýew Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygy baradaky mesele;
wise-premýer D.Amangeldiýew Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde gurulmagy göz öňünde tutulýan awtomobil ýolunyň taslamasy;
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew ýolbaşçylyk edýän sebitinde işleriň ýagdaýy, bugdaý oragynyň barşy, gowaça ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleriň geçirilişi hem-de pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görlüşi;
Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň depgini, welaýatyň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow  ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler;
Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işleri barada hasabatlar berildi. Milletiň Lideri hasabatlary diňläp, olar boýunça degişli görkezmelerini berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň