Soňky habarlar

Arhiw

Tagtabazar etrabynda suw arassalaýjy desgalar toplumy açyldy

23:5906.06.2018
0
9408

6-njy iýunda Tagtabazar etrabynda häzirki zaman suw arassalaýjy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy, desgany “Aby-Köwser” hojalyk jemgyýeti bina etdi. Bir gije-gündizlik kuwwaty 15 müň kubmetr agyz suwuny arassalamaga deň bolan toplum ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün eder.

Desganyň umumy meýdany 3,2 gektara deňdir. “Ýaşlyk” we “Marçak” ýerasty suw ýataklaryndan suw açyk görnüşli ýörite howuzlara akdyrylýar, olaryň her biriniň göwrümi 3 müň kub metre barabardyr. Agyz suwy sarp edijilere eltilmeginden ozal arassalaýşyň ähli tapgyrlarynda kärhananyň himiýa we baktereologiýa barlaghanalarynda içgin barlagdan geçiriler we düzümi seljeriler. Suw arassalaýjy toplumda täze iş orunlarynyň 40-synyň döredilendigini hem bellemek gerek.

Tehnologiýa talaplaryna laýyklykda, suw birnäçe gezek arassalanylar, süzgüçlerden geçiriler hem-de zyýansyzlandyrylar. Ähli işler kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylar. Toplum Çehiýanyň we Türkiýäniň belli önüm öndürijileriniň häzirki zaman sorujy enjamlarynyň onlarçasy, süzgüçler hem-de beýleki enjamlar bilen üpjün edildi.

Desga 60 müň adamdan gowrak ilatly Tagtabazar etrabynyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün eder. Taslamada göz öňünde tutulyşy ýaly, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy bilen bir wagtda, ilatly ýerlere täze suw geçirijiler hem çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň