Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabady ak tozan büräp aldy

19:5728.05.2018
0
28511

Şu gün irden Aşgabady näbelli ak tozan gaplap aldy. Aşgabady we onuň töwereklerini gurşap alan ümür şekilli tozanyň ýurduň beýleki welaýatlarynda hem bardygy barada habar geldi.

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky döwlet komiteti bu ýagdaý barada entek hiç hili düşündiriş bermeýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem öz gezeginde Aral deňzinde emele gelen ýagdaýyň Türkmenistana we Özbegistana öz täsirini ýetirýändigi barada ýazýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň