Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar geçirildi

10:0728.05.2018
0
9862

Baýramçylygyň hormatyna esasy dabaralar Aşgabatda geçirildi. Şanly waka Türkmenistanyň dokma we haly önümleriniň halkara sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisi bagyşlandy.
Şu gezekki foruma gatnaşmak üçin Aşgabada dünýäniň ýigrimi ýurdundan kompaniýalara we firmalara wekilçilik edýän toparlaryň düzümi dünýäniň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän ýurdumyza bolan gyzyklanmasyny, geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny berkitmek, täze hyzmatdaşlar üçin bolsa gatnaşyklary ýola goýmaga bolan islegleri tassyklaýar. Olaryň hatarynda Russiýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hindistandan, Türkiýeden, Singapurdan, Iordaniýadan, Pakistandan, Owganystandan, Litwadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Ermenistandan, Özbegistandan iri kärhanalaryň — önüm öndürijileriň hem-de söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ylmy-barlag we medeni merkezleriň wekilleri, alymlar, bilermenler, türkmen el halysy sungatynyň muşdaklary bar.
Halkara ykdysady serginiň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde guralyp, oňa hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary hem-de daşary ýurtly işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda tanymal halyçylar hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinden önümçiligiň öňdebaryjylary bar.
Sergide ilkinji gezek eksport ugurly dokma önümçiliginiň galyndylaryny ikinji gezek gaýtadan işleýän täze pudaklaýyn kärhananyň önümleri hem görkezildi.
Sergä gatnaşýan moda ulgamynyň ussatlary hem pudaklaýyn forumyň abraýyny tassyklaýarlar. Russiýanyň “RusModa” kompaniýasy sergide “Alexander Terekhow” diýen dünýä belli nyşany bilen tanyşdyrýar. Hakyky ýüpek we täze tehnologik matalardan taýýarlanan taýýar geýimler, owadan hem-de gelşikli köýnekler ýaş dizaýner A.Terehowyň işiniň ýüzi bolup durýar. Olar şu gün halkara sergisiniň çäklerinde guralan moda dabarasynda görkezildi.
Şanly baýram mynasybetli Dokma senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Germaniýadan, Türkiýeden taryhçy alymlar hem-de sungatşynaslar, bilermenler, ussat halyçylar we haly muşdaklary, täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar, Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Halyçylar assosiasiýasynyň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Owganystandaky bölüminiň, Özbegistanyň milli medeni merkeziniň wekilleri boldy.
Agşam ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen uly konsert dokma we halyçylyk pudagynyň işgärleri, aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp sowgat boldy.
Dokma we haly önümleriniň halkara sergisi öz işini 28-nji maýda tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň