Soňky habarlar

Arhiw

Mekdeplerde “Soňky jaň” baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

23:5525.05.2018
0
28525

25-nji maýda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň ýaňlandy we okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi.

Şu gün mekdebi tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam goýýan ýetginjekleriň we gyzlaryň 85 müňden gowragy üçin has-da dabaraly hem-de tolgundyryjy boldy. Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilim aldylar. Olaryň hatarynda sport bäsleşiklerinde we dürli dersler boýunça geçirilen olimpiadalarda ýeňiji bolanlar, döredijilik bäsleşiklerine, çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişine gatnaşyp, öz mekdepleriniň abraýyny goran okuwçylar bar.

Ir bilen mekdep okuwçylary, bilim ulgamynyň işgärleri, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen ökde ýaşlar, dürli olimpiadalaryň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri ýurdumyzyň täze taryhynyň baş nyşany bolan kaşaň Garaşsyzlyk binasyna ajaýyp gül desselerini goýdular.

Türkmenistanyň Prezidentiniň atasynyň zähmet we söweşjeň edermenligine goýulýan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdebiň öňünde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliginiň etegine gül desseleri goýuldy. Bu mekdep göreldeli mugallym, frontçy esgeriň adyny buýsanç bilen göterýär. Onuň binýadynda mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, Döwlet-usulyýet mekdebi döredildi we bu ýerde iri jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda 2017 — 2018-nji okuw ýylynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaralar boldy. Agşamlyk “Soňky jaň” we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk “Aşgabat” kino-konsert merkezinde ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreleri Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi hem-de paýtagtymyzyň häkimligi guradylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň