Archive news

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty "Açyk gapylar" gününi geçirýär

22:5814.05.2018
0
2624
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty "Açyk gapylar" gününi geçirýär

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2018-nji ýylyň 16-njy maýynda sagat 14.00-da orta we hünärmen mekdepleriniň uçurymlaryny, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary, harby esgerleri “Açyk gapylar” günlerine çagyrýar.

“Açyk gapylar” günlerinde ýaşlar institutda alnyp barylýan okuw-usulyýet, ylmy-barlag, medeni-köpçülik, sport işleri, häzirki zaman multimediýa-kompýuter serişdeleri bilen üpjün edilen okuw otaglary bilen tanşyp bilerler. Bu çärä gatnaşýanlara talyplaryň oňat okamaklary we rahat ýaşamaklary üçin amatly şertler döredilen umumy ýaşaýyş jaýlaryna, gysga möhletli okuwlaryň geçirilýän «Dil” diller merkezine baryp görmäge mümkinçilik dörediler. Talyplaryň “Altyn miras” medeni merkeziniň döredijilik toparynyň çykyşyna tomaşa ederler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy, tel.36-94-57.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň