Durdy Baýramowyň 80 ýyllyk ýubileýiniň hormatyna açylan sergi bäsleşiginde ýeňiji bolan işler suratkeşiň Torontadaky muzeýine ugradylar

10:5615.04.2018
0
2409

14-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik sergisi geçirildi. Bu sergä ýaş suratkeşleriň 200-den gowragynyň nakgaşçylyk we žiwopis işleri girizildi.

Eminler talyp Zakirjan Babaýewiň "Durdy Baýramowyň portreti" atly işini birinji orna mynasyp gördüler. Ikinji orny bolsa Yhlas Allanazrowyň, Dildora Rahymberdiýewanyň we Ýakup Nurmyradowyň çeken eserleri mynasyp boldy. Eminler topary üçünji orna birbada bäş işi mynasyp gördüler. Olar Kakageldi Ataýew bilen Mekanmyrat Ýagmyrowyň bilelikdäki çeperçilik eseri we Sabina Juraýewanyň, Muhammetmyrat Muhadowyň we Gülşat Ýollyýewanyň işleridir. Eminler suratkeş baradaky kitaba, dokumental filme-de ýokary baha berdiler.

Ýeňiji bolan eserler suratkeşiň Kanadanyň Toronto şäherindäki muzeýinde görkezilmek üçin ugradylar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň