Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda maryly nakgaşlaryň sergisi açyldy

11:3513.04.2018
0
1172

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň sergi zalynda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly çeperçilik sergisi açyldy. Onda Mary welaýatyndan gelen suratkeşler Allaberdi Amangeldiýewiň, Gurbangeldi Gurbanowyň, Aýnagözel Nuryýewanyň, Kössekmyrat Nurmyradowyň, Annageldi Meretgeldiýewiň, Orazberdi Orazlyýewiň, Çary Hümmedowyň, Ogulsuraý Akmyradowanyň we Annadurdy Myradalyýewiň çeperçilik eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Sergi diwarlaryny 125 eser bezedi. Olaryň aglabasy taryhy tema bagyşlanypdyr.  Sergi öz işini 1-nji maýa çenli dowam eder diýip, ORIENT habarlar agentligi ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň