Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda "Beýik Ýüpek ýoly" desgasy dabaraly açyldy

17:2809.04.2018
0
16500

Adam­za­dyň ösü­şin­de mö­hüm hyz­ma­ty ýe­ri­ne ýe­ti­ren Be­ýik Ýü­pek ýo­ly üçün­ji müň­ýyl­lyk­da gaý­ta­dan tä­ze we has kä­mil keşp­de di­kel­dil­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha gi­ňeld­ýär, ony tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ýar. Mu­ňa 2017-nji ýy­lyň 6-njy mar­tyn­da ula­nyl­ma­ga ber­len Türk­me­na­bat — Fa­rap aw­to­mo­bil we de­mir ýol köp­rü­le­ri my­sal bo­lup bi­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň ulag-üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan bu des­ga­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz özü­niň öz­be­gis­tan­ly kär­de­şi bi­len bi­le­lik­de gat­na­şyp­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ta­ry­hy wa­ka my­na­sy­bet­li mö­hüm Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­ne şol bir wagt­da buý­ru­jy we baş pot­rat­çy hök­mün­de Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den gur­lan Türk­me­na­bat ― Fa­rap aw­to­mo­bil we de­mir ýol köp­rü­le­ri­niň ýa­nyn­da mo­nu­men­tiň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we onuň ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak iş­le­ri­ne yg­ty­ýar be­ril­di. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­riň öz­bo­luş­ly wasp­çy­sy­na öw­rül­jek bu bi­na ýol­la­ryň çat­ry­gyn­da, umu­my meý­da­ny 1,1 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan te­ge­lek gör­nüş­li meý­dan­da gu­rul­dy.

Öň­ňin, 7-nji ap­rel­de — Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nün­de «Ýü­pek ýo­ly» bin­asy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. On­da gut­lag söz­le­ri bi­len çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zy be­dew ba­dy bi­len ös­dür­mä­ge, da­şa­ry ýurt­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge, hal­ky­my­zyň bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny çäk­siz gu­wanç bi­len bel­le­di­ler. Da­ba­ra­da mo­nu­men­ti gu­ran gur­lu­şyk­çy­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Bu ýer­de me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri bag­ty­ýar­lyk döw­rü­mi­zi, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň dur­mu­şa ge­çir­ýän il­ha­lar sy­ýa­sa­ty­ny, Wa­ta­ny­my­zy wasp ed­ýän aý­dym­la­ry we tans­la­ry bi­len çä­rä gat­na­şy­jy­la­ra ru­hy lez­zet paý­la­dy­lar.

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ulag we ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra äh­mi­ýet­li mö­hüm iş­le­riň be­ýa­ny­na öw­rü­len mo­nu­men­tiň be­ýik­li­gi 28 met­re ba­ra­bar bo­lup, ol de­mir ýol, aw­tou­lag, ho­wa, suw ulag­la­ry­ny ala­mat­lan­dyr­ýan aşak­dan ýo­kar­ly­gy­na uza­ýan şe­kil­le­riň iň ýo­kar­syn­da ýer to­ga­la­gy­nyň şe­ki­li ýer­leş­di­ri­len gör­nüş­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip­dir. Ýer şa­ry­nyň şe­ki­li­niň ýü­zün­de bol­sa «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry­nyň» ny­şa­ny bo­lan la­çy­nyň şe­ki­li ýer­leş­di­ri­lip­dir.

Te­ge­lek gör­nüş­li meý­da­nyň or­ta­syn­da ýer­le­şen mo­nu­men­te elt­ýän ýo­da­lar gur­lup, ola­ryň ug­run­da gel­şik­li çy­ra­lar, bag­lar we gül­ler otur­dy­lyp­dyr. Bi­na­da or­naş­dy­ry­lan dür­li reňk­li yşyk­lar oňa gi­je­le­ri­ne gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­lik çaý­ýar. Tä­ze bi­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri­niň ýe­ne-de bir çe­per be­ýa­ny­na öw­rül­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň