Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-dňki Luwr Abu-Dabi muzeýine baryp gördi

23:5815.03.2018
0
6982

Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti emirlikleriň paýtagtynyň täze medeni desgasy — Luwr Abu-Dabi muzeýine baryp gördi. Bu muzeý 2017-nji ýylyň noýabrynda açyldy.

Ol Saadiýat adasynda ýerleşýär hem-de Fransiýanyň çäklerinden daşarda “Luwr” adyny göterýän ilkinji muzeýdir. Fransiýa Respublikasy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Parižiň meşhur muzeýiniň bölümini Abu-Dabide açmak hakynda Ylalaşygyň çäklerinde Luwr muzeýi 30 ýylyň dowamynda öz adynyň “göterilmegine” razylyk berdi hem-de bu ýerde wagtlaýyn sergileri gurar, şeýle hem maslahat we bilermenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirer.

...Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Luwr Abu-Dabi muzeýiniň baş girelgesiniň ýanyna gelýär, bu ýerde belent mertebeli myhmany muzeýiň direktory Manuel Rabate we onuň orunbasary Hissa Al Daheri garşylaýarlar.

Jenap Rabate türkmen Liderini mähirli garşylaýar hem-de bina girmäge çagyrýar, ol muzeýiň döreýiş taryhy, onda sergileriň guralyşy barada gysgaça gürrüň berýär, sergileriň guralmagynyň baş maksady sungat eserlerinde adamzadyň, dürli zamanalaryň, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ýyl ýazgysyny beýan etmekdir.

Luwr Abu-Dabi köpugurly muzeý giňişligi bolup, 55 binany özüne birleşdirýär, ol ini 180 metr we agramy 7,5 müň tonna bolan ägirt uly gümmez bilen örtülendir. Kümüşsöw haşamly gümmeziň içinden muzeý binasyna gün şöhleleri düşýär, ol BAE-niň palmalyk meýdanlaryndaky yşyklaryň oýnuny ýada salýan täsin öwüşginleri döredýär. Muzeýiň zallaryndaky araplaryň gadymy öýleriň görnüşindäki ak jaýjagazlary arap obalarynyň gurluşyny hem-de Medinäniň şekilini alamatlandyrýar. Binalaryň arasynda we içinde suw akabalary akýar. Olar eýwanlary we meýdançalary döredýär, bularyň ählisi adaty muzeýlerden düýpli tapawutlanýan erkin giňişligi emele getirýär.

Abu-Dabiniň Luwrynyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň sowallaryna jogap bermek bilen, sergi zallarynyň tehniki üpjünçiligi, gymmatlyklary saklamak üçin ulanylýan tehnologiýalar hem-de Parižiň Luwrynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bu täsin toplumyň döredilişi barada gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muzeýiň ýolbaşçylarynyň ugratmagynda dürli sergi zallarynyň gymmatlyklary bilen tanyşýar. Bu ýerde suratkeşlik eserlerini, heýkelleri, bezeg şaý-seplerini, kitaplary hem-de beýleki täsin gymmatlyklary görmek bolýar, olar tutuş Ýer ýüzünden toplanan gadymy we häzirki zaman gymmatlyklarydyr.

Jenap Rabateniň gürrüň berşi ýaly, Luwr Abu-Dabi muzeýi islendik milletiň gülläp ösmegi üçin köpdürlüligiň hem-de açyklygyň talap edilýändigi baradaky garaýyşlaryň beýanydyr, biziň dünýämiziň özara taryhy baglanyşygyny açyp görkezmek muzeýiň alyp barýan aň-bilim we wagyz syýasatynyň ugurlarynyň biridir.

Muzeý şäherjiginiň çäkleri ýörite 12 topluma bölünendir. Muzeýde görkezilýän sergi 600 gymmatlykdan ybarat bolup, olaryň ýarysyna golaýy wagtlaýyn görkezmek üçin Fransiýanyň muzeýlerinden we 100-e golaýy gönüden-göni Parižiň Luwr muzeýinden getirildi. Ýeri gelende ýatlasak, 2010-njy ýylda Fransiýa bolan resmi saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Sena derýasynyň kenarynda ýerleşýän dünýäniň iň iri çeperçilik muzeýleriniň biri bolan Luwra baryp gördi, şol ýerde onuň bölümlerinde görkezilýän şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdy, şol sanda beýik suratkeş Leonardo da Winçiniň döreden örän meşhur suraty Mona Lizanyň (ýa-da Jokonda) portretini synlady.

Bu ýerde, Abu-Dabide Fransiýadan getirilen eserleriň arasynda Leonardo da Winçiniň işleri, ozal eserleri arap ýurtlarynda görkezilmedik Wan Gogyň, Pikassonyň, Gogeniň, Maneniň, Matissiň, Rodeniň, Kandinskiniň, Pollokyň ... döredenleri bar. Gymmatlyklaryň bir bölegi wagtlaýyn guralýan sergileriň çäklerinde yzygiderli çalşyrylyp durlar.

Mundan başga-da, ýörite zallar bolup, olarda Rim imperiýasynyň, Gadymy Gresiýanyň, Hytaýyň, Günorta Amerikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň taryhyna degişli eserler, şol sanda ata-babalarymyzyň gadymy döwürlerde döreden beýik döwletiniň şäherlerinde — Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gymmatlyklar hem-de ýerli arheologiýa tapyndylary görkezilýär. Muzeý toplumyna çagalar muzeýi, kafe, bilim we barlag merkezi hem girýär.

Milli Liderimiz daş asyryndan başlap, gadymy döwürlere hem-de orta asyrlara çenli döwürleri öz içine alýan we häzirki zaman sungatynyň bölümleri bilen tamamlanýan ekspozisiýalary, moderniň we abstraksionizmiň zallaryny synlap, Manuel Rabaty bilen täsirlerini paýlaşdy. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sungatyň jemgyýetiň durmuşynda, adamzat ösüşiniň taryhynda eýeleýän orny örän gymmatlydyr. Dünýäniň gözelligi arkaly ol halklaryň özara düşünişmegine, medeniýetleriň deňhukukly hem-de birek-birege sarpa goýmak esasyndaky gatnaşyklaryna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz milletiň täsin medeni mirasyny aýawly saklamagyň we şunuň bilen baglylykda, muzeý işini ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ynsanperwer hyzmatdaşlygyň uly ähmiýeti barada aýdyp, medeni alyşmalary giňeltmegiň, şol sanda muzeýler ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi döredijilik intelligensiýasynyň wekillerine we tutuşlygyna, Türkmenistanyň hem-de BAE-niň ýaşaýjylaryna iki ýurduň gadymy we häzirki zaman sungatynyň eserleri bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň