Soňky habarlar

Arhiw

Bir golly birinji oýun "Aşgabady" birinji orna çykardy

19:5503.03.2018
0
8046

Şu gün Balkanabat şäherindäki Sport toplumynda Türkmenistanyň Futbol boýunça milli çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşygy geçirildi. Onda ýerli "Balkan" paýtagtymyzyň adybir toparyny kabul etdi.

Ilkinji duşuşyk turuwbaşdan ýiti hüjümler bilen başlan hem bolsa, birinji ýarymda derwezelere pökgi geçirilmedi. Janköýerleriň garaşan pursaty 54-nji minutda geldi. Ýöne geçirilen gol ýerli toparyň janköýerlerini däl-de, myhman toparyň muşdaklaryny begendirdi. Milli futbol çempionatymyzyň 26-njy möwsüminiň ilkinji goluny "Aşgabadyň" futbolçysy Azady Annadurdyýew geçirdi. Şu ýeke-täk geçirilen pökgi hem duşuşygyň ykbalyny kesgitledi.

“Balkan” – “Aşgabat” – 0:1

Gollar: ’54 Azadi Annadurdyýew

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş)

Duşuşygyň emini: Ruslan Ereşow (Türkmenabat ş)

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat ş)

Tomaşaçy: 300

Ikinji tapgyrda "Balkan" "Energetigiň" (9-njy mart), "Aşgabat" bolsa "Köpetdagyň" (10-njy mart) myhmany bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň