Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça komitetiniň düzümine saýlanyldy

00:3427.02.2018
0
4639

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 2019-2020-nji ýyllar döwür üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) içerki ulag boýunça komitetiniň düzümine saýlanyldy. Bu habar BMG-niň Ženewadaky (Şweýsariýa) bölüminden gelip gowuşdy. Şol ýerde 20-23-nji fewralda abraýly hökümetara guramasynyň nobatdaky–80-nji mejlisi geçirilip, onuň işine türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibi ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde ulag geçelgeleriniň hem-de intermodal gatnawynyň ösdürilmegine, bu ulgama innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ulag ulgamynda döwletleriň halkara konwensiýalaryna gatnaşmagynyň giňeldilmegine degişli meseleleriň giň gerimini öz içine aldy. Olar serhetlerden geçmek işini ýeňilleşdirmäge, ýolagçylaryň gatnadylyşynyň we ýükleriň daşalyşynyň howpsuzlygyny artdyrmaga gönükdirilendir. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ulag ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ony BMG-niň ÝYK-nyň içerki ulag boýunça komitetiniň býurosynyň 81-nji mejlisinde tassyklamak meýilleşdirilýär.

Mejlisiň çäklerinde BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan “Intermodal gatnawlar we taryhy ulag ugurlarynyň orny: Beýik Ýüpek ýoly” diýen maslahat guraldy. Ol ulag kommunikasiýalar ulgamynda ýurtlar tarapyndan amala aşyrylýan taslamalara bagyşlanyldy. Şol ýurtlaryň içinden ençeme asyrlar mundan ozal gadymy ýol geçipdir.

Häzir ol täze hil derejesinde dikeldilip, döwletleriň we halklaryň arasynda pugtalanmak hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek pikirini özünde jemleýär.

Mejlisiň esasy meseleleriniň biri geçen ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň 74-nji maslahatynda kabul edilen “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýanyň durmuşa geçirilişine bagyşlanyldy.

Türkmenistan BMG-niň ÝYK-nyň içerki ulag boýunça komitetiniň býurosyna saýlanmak bilen döwrüň ählumumy meselelerini çözmek babatda strategiki başlangyçlary öňe ilerletmek üçin täze itergilere eýe bolýar. BMG-niň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegi türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine hem ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň