Soňky habarlar

Arhiw

Owganystana ýene bir million ýumurtga eksport ediler

11:4012.02.2018
0
1850

Mälim bolşy ýaly, türkmen telekeçileriniň öndürýän ýumurtga önümlerini daşary döwletlere eksport etmek işleri tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Esasan hem, türkmen telekeçileriniň goňşy Owganystan Respublikasyna yzygiderli ugradýan ýumurtga önümleriniň sany barha artýar. Nobatdaky tapgyrda doganlyk ýurda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndan telekeçi Myratberdi Annaberdiýewiň guşçulyk hojalygynda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa ýumurtga önümleriniň 1 milliona golaýy ugradylar. Guşçulyk hojalyklaryny ýöredýän türkmen telekeçileri olaryň möçberini ýene-de artdyrmak üçin yhlasly işleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň