Soňky habarlar

Arhiw

Wekilbazar etrabynda pul baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

16:3801.02.2018
0
2019

Wekilbazar etrabynyň merkezinde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Medeniýe oýüniň töwereginde ak öýler dikildi hem-de baýramçylyk tagamlary taýýarlanyldy, bu etraba ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen ady almak ugrunda yglan edilen bäsleşigiň ýeňiji hökmünde dabaraly ýagdaýda mynasyp bolan sylagy – ABŞ-nyň 1 million dollary gowşuryldy.

Dabara welýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kärendeçiler, ýaşlar, etrabyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Sylaglamak dabarasynda çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny olaryň mynasyp bolan bäsleşigiň ýeňijisi diýien ýokary at bilen gutlap, olaryň zähmet üstünlikleriniň özleriniň tutanýerli zähmeti bilen eziz Watanymyzyň abadançylygyny we ösüşini artdyrýan bütin türkmen halky üçin aýdyň görelde boljakdygyny bellediler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň