Arhiw

"Dordoý" Türkiýedäki türgenleşiklerini tamamlady

17:2619.01.2018
0
990

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi “Ahal” toparynyň AFK kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşy Bişkegiň “Dordoýy” Türkiýede geçiren okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlady — diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

17-nji ýanwarda “Dordoý” Russiýanyň Birinji ligasynyň wekili Kursk şäheriniň “Awangard” topary bilen duşuşdy. Antalýanyň “Emirhan” stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

“Dordoý” futbol klubunyň metbugat-gullugynyň habar bermegine görä, oýnuň 10-njy minutynda kelle urgusy bilen Alşin “Awangardy” öňe saýlady. Hasaby deňlemek üçin eden hüjümleriniň netijesinde gyrgyz toparyna diňe oýnuň soňunda tapawutlanmak başartdy. Azim Azarowyň gyradan jerime meýdançasyna geçiren topuna ilki bolup Aziz Sydykow ýetişmegi başardy. Netijede duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

Şeýlelikde, “Dordoý” iki hepdelik okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlap, 18-nji ýanwarda Antalýa-Stambul-Bişkek ugry boýunça Bişkege geldi.

Ýeri gelende aýtsak, “Dordoý” özüniň nobatdaky duşuşygynda AFK kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde 23-nji ýanwarda “Ahaly” kabul eder. Bu duşuşyk “Dordoýyň” stadionynda 15:00-da başlanar.

Bu iki toparyň arasyndaky jogap duşuşygy bolsa 30-njy ýanwarda Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň