"Güneş" aýdym-saz topary estrada ýyldyzlary bilen birlikde Aşgabatda konsert berdi

00:5227.12.2017
0
14518

Sportuň gyşky oýunlar toplumynda dowam edýän baýramçylyk şüweleňiniň üçünji gününde türkmen estradasynyň meşhur ýyldyzlary aşgabatlylara we paýtagtyň myhmanlaryna dabaraly konsert bilen hezil berdiler. Zaly dolduryp orturan tomaşaçylar şol gün Annaguly Myratdurdyýewiň, Rahman Hudaýberdiýewiň, Ahmet Atajanowyň, Guwanç Ýazmämmedowyň, Sahydursun Hojakowanyň, Mähri Pirgulyýewanyň we beýlekileriň iň täze aýdymlaryny diňlemäge mümkinçilik aldylar.

Konsertiň dowamynda ady rowaýata öwrülen "Güneş" aýdym-saz toparynyň hem çykyşy guraldy. Turkmenportalyň habarçylarynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda "Mizan" täjirçilik merkezinde geçirilen baýramçylyk dabarasynda bu topary täzeden döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Täze topara 4 gitara we 2 klawişaly saz guralyny sowgat etdi.

"Güneşiň" konsertiniň dowamynda, biziň internet neşirimize habar berlişi ýaly, meşhur britan aýdymçysy we sazandasy Jon Nýumeniň eserleri ýaňlandy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň