Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Baş arçasynyň ýanyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

04:5321.12.2017
0
12283

20-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada körpe türkmenistanlylar bilen ýurdumyzyň Baş arçasynyň uly täze ýyl baýramçylygyna gatnaşdy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly şowhun bilen garşyladylar. Milli lybasdaky çagalar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.

Gahryman Arkadagymyza bagtyýar çagalyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildiren körpeler döwlet Baştutanymyzy aýratyn dabara, şatlyk bilen garşyladylar. Olar asylly däbe görä, ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çykyşlary taýýarladylar. Körpeleriň ýerine ýetiren aýdymlary, tanslary we okan goşgy setirleri has-da belent ýaňlandy.

Körpeler we bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Baş arçasyna tarap barýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Aýazbaba we Garpamyk, şeýle hem gündogar senenamasynda Takyk ýyly bolan tamamlanyp barýan ýylyň hem-de geljekki ýylyň baş nyşany hasaplanýan Itiň keşplerini janlandyran çagalar garşyladylar. Döwlet Baştutanymyza baýramçylyk mynasybetli gutlag sözleri we iň gowy arzuwlar aýdyldy.

Soňra belent başly arçanyň töwereginde ýaşajyk artistleriň taýýarlan çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýeri gelende aýtsak, Baş arçanyň beýikligi depesindäki sekizburçly ýyldyzyny hasaplanyňda 38 metre golaýdyr. Köpsanly öwşün atýan oýnawaçlardan we 2 müň metre golaý dürli öwüşginli yşyklardan döredilen bezegler hemmelerde oňyn täsir galdyrýar.

Meýdançada ýaşajyk sazandalaryň, aýdymçylaryň we tansçylaryň çykyşlaryndan, olaryň ussatlygyndan gaýtalanmajak şatlykly ýagdaýlar emele gelýär. Dabara gatnaşyjylaryň bezegli özboluşly lybaslary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özleriniň döredijilik ukyplaryny açyp görkezýän çagalaryň çykyşlaryna uly höwes bilen syn edýär. Zehinli, joşgunly we belent ruhly körpe nesiller Watanymyzyň buýsanjy we umyt-arzuwlary bolup durýarlar.

Baýramçylyk çykyşlarynyň dowamynda körpeler hormatly Prezidentimizden Täze ýyl arçasynyň daşynda guralýan baýramçylyk çykyşlaryna goşulmagyny haýyş etdiler. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşyny kabul edip, hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramçylygynyň şatlyk-şowhunyna goşuldy.

Körpe nesilleri ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz olara okuwlarynda üstünlik, gyşky dynç alyş möwsümini şatlykly geçirmeklerini, bagt we nurana arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz körpeleriň zähmetsöýer, maksada okgunly adamlar bolup ýetişip, şöhratly pederlerimiziň wesýet eden oňyn däplerini mynasyp dowam etjekdiklerine hem-de mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Şeýle hem bu ýerde şatlyklarynyň çägi bolmadyk ruhubelent çagalara döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan çagalaryň haýyşy boýunça ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň