Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda baýramçylyk mynasybetli täze binalary açylyş dabaralary

23:3212.12.2017
0
3558

11-nji dekabrda Balkanabatda 1-nji şäher saglyk öýüniň dabaraly açylyşy boldy. Onuň durkuny täzelemek işini  Balkan welaýatynyň häkimliginiň  buýurmasy boýunça “Galkan” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.

Üç gatly binada näsaglara ýokary derejeli bejeriş we keselleri anyklaýyş kömegini bermek, näsaglykdan soň saglygy we zähmete ukyplylygy  dikeltmek  üçin ähli şertler döredildi. Iň döwrebap lukmançylyk tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan maşgala lukmanlarynyň otaglary, terapiýa, urologiýa, oftalmologiýa, hirurgiýa, döwük-ýenjik bejeriş, stomatologiýa, ýokanç keseller, immunologiýa, akuşer we ginekologiýa, LOR, flýuorografiýa, gastroendoskopiýa, UZI, EKG, bejeriş-dikeldiş bedenterbiýesi we beýlekiler olaryň hyzmatyndadyr.

Mundan başga-da durky düýpli täzelenen lukmançylyk edarasynda biohimiýa barlaghanasy, fizioterapiýa bölümi, gündizki stasionar bar. Lukmançylyk enjamlary Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Ýaponiýanyň esasy öndürijilerinden satyn alyndy.

Şol gün günbatar sebitiň dolandyryş merkezinde döwrebap ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek mynasybetli bolan açylyş dabarasy hem jaýyň milli öwüşginleri bilen tapawutlandy. Bu jaý maýyplar we  durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin niýetlenendir.

Ir bilen Balkanabadyň iri ýaşaýyş toplumlarynyň biri bolan 13-nji kiçi etrapçasynda ýerleşýän täze binanyň öňünde uly türkmen toýy ýaýbaňlandy. Bu ýerde ak öýler dikildi. Asyrlarboýy kemala gelen asylly däbe görä, täze jaý toýuna köp sanly myhmanlar geldiler. Olaryň hatarynda durmuş taýdan ähmiýetli bolan bu taslamany amala aşyran “Türkmennebit” döwlet konserniniň gurluşykçylary we beýleki işgärleri hem bar.

Bir we iki otagly öýleriň 48-sini öz içine alýan bu dört gatly jaý mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin ýörite guruldy. Hususan-da, bu ýerde girelge eňňitleri, tutawaçlar,  giňeldilen geçelgeler we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen birlikde, bu öýler häzirki zaman ýaşaýyş jaýyna bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Olar amatly ýerleşdirilen, ýagty otaglardan we giň aşhanalardan ybaratdyr. Şeýle hem täze jaýyň daş-töwereginde söwda merkezinden, çagalar bagyndan, mekdepden ybarat bolan zerur durmuş düzüminiň bardygyny hem aýtmak gerek. Munuň özi mümkinçilikleri çäkli raýatlar we olaryň maşgala agzalary üçin örän wajypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň