Soňky habarlar

Arhiw

Baýramçylyk mynasybetli Ahal welaýatynda täze ýaşaýyş toplumlary açyldy

23:2212.12.2017
0
2579

11-nji dekabrda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze öýlere göçüp gelýänlere açarlary gowşurmak dabarasy boldy.

Şäheriň oňaýly ýaşaýyş jaý gaznasynyň  üsti 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýy bilen ýetirildi.  Her bir öýde ýaşaýjylar üçin döwrebap oňaýlyklaryň hemmesi, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan, durmuş üpjünçilik ulgamyndan, enjamlaryň we mebelleriň zerur toplumyndan ybarat bolan döwrebap amatlyklar göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem şol gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar hem-de durmuş goldawyna  aýratyn mätäçlik çekýän ilatyň beýleki toparlary üçin ýörite işlenilip taýýarlanylan taslamalar boýunça gurlan täze 48 öýli jaýynyň açylmagy mynasybetli dabara boldy.

Dört gatly jaýyň ähli öýleri  giň myhman otaglaryny, ýatylýan otaglary, döwrebap durmuş tehnikalary bilen üpjün edilen aşhanalary hasaba almak bilen, oňaýlyklaryň doly toplumyny özünde jemleýär. Ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi. Dynç almak, sport bilen meşgullanmak, şeýle hem gök zolaklar üçin ýerler hem göz öňünde tutuldy. Çagalaryň wagtyny gyzykly geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Arassa howada oýnamak üçin enjamlaşdyrylan çagalar meýdançalarynda wagtlaryny geçirmek körpe ýaşaýjylarda kanagatlanma duýgusyny döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň