Soňky habarlar

Arhiw

Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar

02:3006.12.2017
0
10714

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türk wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi, bu ýerde ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna jemgyýetçiligiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik düzümleriň, döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, talyp ýaşlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Omer Arisoý iki doganlyk halkyň taryhy taýdan kemala gelen medeni hem-de ruhy umumylygynyň, iki ýurduň özara bähbitli doly derejeli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup durýandygyny belledi.

Soňra türk artistleriniň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna Türkiýäniň Döwlet opera we balet teatrynyň aýdymçylarynyň, folklor sungatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň hem-de sazandalaryň, belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary girizildi. Giňden tanalýan opera aýdymçylary Çidem Gýurdal hem-de Şeher Çagataý dünýä saz sungaty hazynasyndan aýdymlary we türk kompozitorlarynyň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

“Türk dünýäsi” aýdym-saz we tans toparynyň çykyşy hem konsertiň maksatnamasyna girizildi, olar özboluşly saz çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler. Ozal hem ýurdumyzda ençeme gezek çykyş eden bu topar türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi, ol şu günki konserte gatnaşýan tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Tomaşaçylar dünýä belli “Mehter” atly türk aýdym-saz toparyny elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu toparyň taryhy XIV asyrdan başlanýar hem-de dünýäde ilkinji harby orkestrleriň biri hasap edilýär. 

Türk artistleri hormatly Prezidentimiziň “Ak güllerim saňa” diýen aýdymyny ýerine ýetirmek bilen tomaşaçylara ajaýyp sowgat etdiler, bu aýdym dowamly elçarpyşmalar bilen utgaşdy.

Medeni çäräniň çäklerinde paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkiýäniň halk senetçiliginiň we fotosungatynyň sergisi açyldy.

6-njy dekabrda döredijilik çäresiniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde iki ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň duşuşygy geçiriler. Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda hem-de türkmen we türk artistleriniň konserti bolar.

Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň binagärlik desgalary bilen tanyşlygy öz içine alýan uly medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň