Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Bütindünýä Göreldeli kakalar güni bellenildi

17:1320.11.2017
0
11629

18-nji noýabrda Bütindünýä Göreldeli kakalar güni mynasybetli Aşgabatdaky “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen  ÝUNISEF-iň guramagynda “Çaga ömrüniň ilkinji 1000 güni onuň bagtly geljeginiň gözbaşydyr”  ady bilen  köpçülikleýin dabaraly çäre geçirildi. Oňa  Türkmenistanyň bilim edaralarynyň,  jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habara beriş serişdeleriniň işgärleri bilen birlikde  söwda merkezine dynç almaga gelen ene-atalar we olaryň körpejeleri gatnaşdylar. Ýakynda kabul edilen  “Çaga ömrüniň ilkinji 1000 güni onuň bagtly geljeginiň gözbaşydyr” atly maksatnamanyň  çäklerinde geçirilen dabaranyň esasy maksady  halk köpçüligine çaganyň irki ösüşinde  ejäniň terbiýesi bilen birlikde kakanyň hem ähmiýetli ornuny düşündirmekden ybarat boldy.

ÝUNISEF-iň başlangyjy boýunça  dünýäniň  90-dan gowrak  ýurdunda geçirilen dabaraly çäräniň  başynda söwda we dynç alyş merkeziniň giň eýwanynda   çaganyň irki ösüşi boýunça maslahat beriş nokatlary işledi.  Bu ýerde bilim we saglyk ulgamynyň hünärmenleri,  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçiler topary  çaganyň irki ösüşi boýunça ene-atalara peýdaly maslahatlary bilen çykyş etdiler. Ene-atalara çaga terbiýesine degişli maslahatlar, kitapçalar, wideolar jemlenen diskler paýlandy.  Körpejeler üçin bolsa  dürli ertekilerdäki gahrymanlaryň şekilleri, oýnawaçlar bilen bezelen sahna meýdançasynda surat çekip, dürli oýnawaçlardan jaý gurup,  şekil ýasap öz ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin  mümkinçilikler döredildi.

Adamyň  kemala  gelşi  barada   käbir  alymlar „ nesil  yzarlaýar“  diýip  çäklense,  käbiri  berilýän  terbiýä,  bilime  baglydyr  diýmek  bilen,  ene-atalaryň  nesil  terbiýesine    gaty  uly  üns  bermelidiklerini  nygtaýarlar.Ýöne  soňky  döwürde  beýniniň   fiziologiýasynda, çaga  psihologiýasynda  geçirilen  tejribeleriň  esasynda  ýaş  nesliň  akyl  taýdan  kemala  gelşi  başky  3    ýylynda  amala  aşýar  diýen  netijä  gelýärler.

“Çaga ömrüniň ilkinji 1000 güni onuň bagtly geljeginiň gözbaşydyr” atly çäräniň hem açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, çaga dünýä inen gününden başlap,  1000 günüň dowamynda adamyň üstünlikli geljeginiň başlangyjynyň kemala gelýändigi  anyklanyldy.  Bu döwür çaga beýnisiniň has işjeň ösýän wagtydyr. Hut şonuň üçin  hem  ene-ata perzentleriniň ösüşiniň irki döwründen başlap,  çaganyň beýnisiniň kemala gelmegine ýardam berýär.  Ene-ata perzendine bolan söýgüsi we aladasy arkaly onuň üstünlikli geljeginiň düýbüni tutýar.

Göreldeli kakalar gününe bagyşlanan  dabaraly çäräniň esasy bölegi hem  kakalaryň  öz çagajyklary bilen birlikde guralan dürli bäsleşiklere  gatnaşyp,  ene-atanyň perzent terbiýesindäki ähmiýetini  açyp görkezmeklerinden  ybarat boldy.   Kakalar  sahnada özara bäsleşmek bilen,  ejeler bilen deň hatarda kakalaryň hem çaga terbiýesinde uly ornunyň bardygyny  görkezdiler.  Bäsleşige kakalaryň çagajyklary bilen  gatnaşmaklary,  berilýän ýumuşlary  bilelikde ýerine ýetirmekleri  körpejeleriň  şatlygyny has-da artdyrdy, olarda maşgala  mukaddesligi düşünjesiniň berkemegine  ýardam etdi. Çagajyklara  topy tora düşürmäge ýardam bermek, gyzjagazlaryň saçyny örmek, körpejeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini gazanmak ýaly şertlerde geçirilen bäsleşikler dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Ýeňiji kakalar we olaryň  çagajyklary  gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.  Şeýle-de çäräniň dowamynda  çaganyň irki ösüşine degişli  sowallar berlip, dogry jogap berenler höweslendirildi.  Bäsleşik diňe bir kakalaryň arasynda däl, eýsem ejeleriň hüwdi, körpejeleriň  goşgy aýtmagy ýaly şertler boýunça hem geçirildi.

Dabaraly çäräniň dowamynda belli estrada ýyldyzlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlaryň çykyşlaryň, tanslaryň ýerine ýetirilmegi söwda merkezine çagajyklary bilen dynç almaga gelen ildeşlerimiziň  ruhuny has-da belende göterdi.

“Çaga ömrüniň ilkinji 1000 güni onuň bagtly geljeginiň gözbaşydyr” ady bilen geçirilen köpçülikleýin dabaraly çäreden fotoreportažy şu ýerden görüp bilersiňiz.

Aýsenem NURLYÝEWA.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň