Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanly fotosuratçylar aşgabatlylary öz Watanynyň dürli röwüşli däp-dessurlary bilen tanyşdyrdylar

06:2816.11.2017
0
8125

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri dostlukly halkyň baý aýdym-saz we tans sungaty, däp-dessurlary we amaly-haşam, çeperçilik, edebiýat, kinematografiýa ýaly sungat görnüşleriniň taryhy hem-de şu günki ugurlary bilen tanyşdyrýar. 

Dürli ugurly fotosergi bu güneşli we myhmansöýer ülke bilen tanyşlyga çagyrýar. Rustam Şaripoň, Abdulani Jumaýew, Rustam Şagaýew, Wladimir Gonçarenko we beýleki özbek fotosuratçylary häzirki üstünlikleriň taryhy we depgini, dürli röwüşli duýgylar, köp görnüşli däp-dessurlar, dogduk Diýaryň özboluşly tebigaty we ýuruduň esasy baýlygy bolan dogduk ilini söýüp, onuň üstünliklerine goşant goşýan dürli ýaşdaky we hünärli, göwnaçyk we myhmansöýer, zähmetkeş we zehinli adamlary barada fotosuratlar arkaly gürrüň berýärler. 

„Gündogar gözeli“ atly suratdaky milli egin-eşikli owadan ýaş maşgala ýaşlygy-terligi, durmuşa ýagşy umytlary, göwnaçyklygy we mähirliligi özüne bendi edýär. 

„Ýaşuly“ atly ajaýyp surat sergä bezeg berip dur. Gülläp oturan bagyň alnynda duran ýaşulynyň suraty hem özüne çekiji, hem çuňňur manyly. Bu bag onuň armazak gollarynyň azabyndan, ene ýere yhlasyndan, bilim-tejribesinden dörän bag. Hut şonuň üçinem mähirli gojanyň ýygyryşam edil öz ýetişdiren datly miwelerini mürähet edýän ýaly bolup dur. 

Beýleki bir „Bahar“ diýen suratda seýilgähdäki owadan leýlisaçyň astynda aladasyzja oýnap oturan bagtyýar üç çaga şekillendirilen. Awtor tomaşaçylaryň ünsüni indi baglaryň jana girip, berkemeli bahar pyntyklaryna çekýär, taryhy kökleri bir bolan doganlyk iki halkyň medeni gatnaşyklary-da barha berkeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň