Türkmen parlamentarileri we owgan lideriniň maşgalasy hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

08:5615.11.2017
0
424
Türkmen parlamentarileri we owgan lideriniň maşgalasy hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

14-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde Owganystan boýunça 7-nji sebitleiýn ykydsady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň maşgalasy Rula Gani bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda myhman ýurdumyzyň ýokary kanunçylyk edarasynyň möhüm wezipeleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda giň möçberli hukuk we durmuş ykdysady özgertmeleriniň hem-de döwlet ösüşiniň özgertmeler maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň halkara hyzimatdaşlyk gatnaşyklary üçin açykdygyna we onuň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruna ýokary baha berip, hanym Rula Gani milli Liderimize, Türkmenistanyň Hökümetine we tutuş halkymyza Owganystan Yslam Respublikasynda durnukly durmuşyň dikeldilmegine işjeň goldaw berýändigini, hoşniýetli goňşuçylyk kömekleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Sebitiň döwletleriniň işewür düzümleriniň Aşgabada bolan sapary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kompaniýalarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynyň ýene-de bir subutnamasydygyny nygtap, myhman Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň çäklerinde geçirilen işewürlik forumynyň ähmiýetini belledi.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ynsanperwer, medeni gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygy bellenildi we hukuk ulgamyndaky, şol sanda gender deňeçerligi babatda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň