Jemagat hojalygy ministrligi suwy arassalamak üçin ýörite maddasny satyn almak üçin halkara bäsleşik yglan etdi

10:4411.11.2017
0
3666
Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde berlen hasabatlaryň çäklerinde paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şu maksat bilen, Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan suwy arassalamak üçin koagulýant hökmünde ulanylýan alýuminiý sulfatynyň 15 müň tonnasyny satyn almak barada halkara bäsleşigi yglan edildi. Onuň jemleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlendi. Döwlet Baştutany türkmenistanlylary arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesine geçip, hödürlenen Karary makullady we oňa gol çekdi, bu ugurda degişli çäreleri görmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň