Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

23:5910.11.2017
0
3973
Şu ýylyň 7 — 10-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda boldy. Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde aýdylyşy ýaly, senagat we energetika pudaklarynyň, şeýle hem Saud Arabystanynyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň Er-Riýadda geçirilen nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe ugurlar boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy. Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary saudly kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystanyna bolan resmi saparynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Geçirilen duşuşyklar we gepleşikler nebitgaz pudagynda, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek we çykarmak, aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça saud maýadarlaryny halkara we milli taslamalaryna çekmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi. Hususan-da, geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanda gazhimiýa we senagat pudaklarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Saud Arabystanynyň hökümetiniň resmi wekilleri Patyşalygyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, dag magdan we beýleki pudaklarynda işleýän iri kompaniýalary üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýändigini bellediler. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gadymy döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugry geçen ýerinde gurulýan Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna goldaw bermek barada aýdyldy. Beýik Ýüpek ýoly Uzak, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryny Günbatar Ýewropa bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrdy. Türkmen-saud hökümetara toparynyň mejlisinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystanyna bolan iş sapary mahalynda türkmen halylaryny we haly önümlerini bu ýurduň bazarlaryna we onuň üsti bilen beýleki arap ýurtlarynyň bazarlaryna çykarmak boýunça çäreleri guramak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halyçylyk pudagyna maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Saud tarapy Er-Riýad şäherinde türkmen el halylarynyň we haly önümleriniň sergisini guramagy we şu mesele boýunça iş toparyny döretmegi teklip etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň mejlisiniň jemlerine kanagatlanma bildirdi. 2013-nji ýyldan bäri şeýle görnüşdäki duşuşyklaryň 5-si geçirilip, olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guralyna öwrülendigini belledi. Türkmen-saud toparynyň bäşinji mejlisiniň we türkmen wekiliýetiniň saudly kärdeşleri bilen guran duşuşyklarynyň, gepleşikleriniň işjeň häsiýete eýe bolandygyny belläp, milletiň Lideri bu ugurdaky işleri yzygiderli durmuşa geçirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň