Soňky habarlar

Arhiw

Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna konsert boldy

02:4627.10.2017
0
7984

26-njy oktýabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde baýramçylyk konserti geçirildi.  Onda ýaýbaňlandyrylan çykyşlar türkmen sungatynyň häzirki zaman güýjüni, onuň ugurlarynyň köp öwüşgünliligini beýan etdi. Bu gezekki konsert Garaşsyz Watanymyza, biziň döwrümiziň belent döredijilik ruhuna bagyşlanandygyny we şolaryň esasynda milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň nesilden-nesle geçirilip kämilleşdirilýändigini görkezýär. 
Konsertiň joşgunly başlangyjy eziz Watanymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň nyşany bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary bilen dowam etdi. “Bagtyýar çagalyk” atly aýdym-sazly çykyşda her ýyl ýurdumyzda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri hem-de “Ruhubelent çagalar” we “Joşgun” tans toparlarynyň çagalary öz zehinlerini açyp görkezdiler. 
Konsert maksatnamasyna belli sazandalaryň we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, tanymal estrada aýdymçylarynyň hem-de döredijilik we tans toparlarynyň çykyşlary girdi. Döredijilik ussatlary bilen bir hatarda bu ýerde öz zehinlerini sungat ýoluna başlaýan artistler görkezdiler. 
Köşgüň sahnasynda milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň ajaýyp nusgalary, dessanlar we häzirkizaman eserleri ýaňlandy, eziz Watanymyzy, onuň gözelligini we kuwwatyny wasp edýän özboluşly aýdym-tansly çykyşlar ýerine ýetirildi. Asyrlaryň içinden geçip, şu günlere gelip ýeten özboluşly däp-dessurlarymyzy beýan edýän etnografik çykyşlar baýramçylyk maksatnamasyna sazlaşykly utgaşdy. 
Nusgawy kino sazlaryna ýüzlenmek şu günki konsertiň tapawutly aýratynlygy boldy. Türkmen estrada ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde zalyň sahnasynda türkmenistanlylaryň täze nesilleriniň söýýän ajaýyp aýdymlary ýaňlandy. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyna kybapdaş çykyşda görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Şükür bagşy” kinofilmine ýazan sazy ýerine ýetirildi. Ol ady rowaýata öwrülen filmi hem-de milli Liderimiziň eserini sungatyň ylalaşdyryjylyk maksady bilen birleşdirdi. 
Tomşaçylar milli medeni mirasyň “altyn gaznasyny” düzýän “Aýgytly ädim”, “Aşyr aganyň hötjetligi”, “Ýuwaş gelin”, “Mukamyň syry”, “Meniň dostum meleguş”, “Keçpelek”, “Şasenem we Garyp” we beýleki kinofilmlerden aýdymlary aýratyn mähir bilen kabul etdiler. Olar näçe ýyl geçse-de jadylaýjy mährini ýitirmeýär. 
“Göreldeli” harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde eziz Watanymyza bagyşlanan “Watan goragynda” diýen aýdym aýdyň çykyşlaryň birine öwrüldi. 
“Öňe, diňe öňe, jan Watanym – Türkmenistan!” atly aýdym konsertiň jemini jemledi. Onuň sazy we belent ruha beslenen sözleri Türkmenistanyň Prezidentine degişlidir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň