Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti durmuş maksatly täze desgalaryň toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

11:0825.10.2017
0
9787

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. Bu ýerde, gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ajaýyp ak mermerli binalary hem-de zerur bolan döwrebap düzümi özünde jemleýän täze kaşaň desgalar toplumy peýda boldy.

Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyry ähli amatlyklar göz öňünde tutulan 72 öýli 12 gatly jaýlaryň 12-sini hem-de 48 öýli 12 gatly jaýlaryň 6-syny, söwda merkezleriniň 11-sini, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 160 orunlyk çagalar bagyny birleşdirýär. Degişli inžener-aragatnaşyk we ýol-ulag düzümi göz öňünde tutuldy, zerur tehniki ulgamly täze ýollar çekildi.

Paýtagtymyzdaky täze ýaşaýyş toplumlarynyň ýene-de bir aýratynlygy binanyň her biriniň degişli belgisinden başga-da, onuň adynyň bardygy bilen baglanyşyklydyr. Şol atlary bolsa binalaryň ýokarsynda ýazylypdyr. Aşgabady ösdürmegi 15-nji tapgyrynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça gurlan belent ak mermerli binalar “Abadan Asuda”, “Parahat Watan”, “Bagtyýar zaman”, “Berk binýatly”, “Bilimli Ylymly”, “Buýsançly”, “Magdanly Mekanly”, “Mukamly”, “Baky Dursun”, “Bereketli”, “Eziz Diýar”, “Ajaýyp eýýam”, “Joşgunly”, “Döwletli Döwran”, “Paýhasly”, “Şan şöhratly”, “Melhem”, “Çeper eller” diýlip atlandyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde täze üç gatly “Şypaly” söwda merkezine we “Bilimli – Ylymly” atly beýik ýaşaýyş jaýyna baryp gördi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň