Soňky habarlar

Archive news

“Türkmentelekom” hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy limitsiz Internet üçin bahalary azaltmak boýunça çäre geçirýär

10:1816.10.2017
0
16436
“Türkmentelekom” hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy limitsiz Internet üçin bahalary azaltmak boýunça çäre geçirýär

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna “Türkmentelekom” döwlet Internet-prowaýderi hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy baýramçylyk çäresini geçirýärler: 2017-nji ýylyň 5—31-nji oktýabry aralygynda müşderilere limitsiz Internete amatly bahalar boýunça birikmek mümkinçiligi dörediler.

Tizligi 256 Kbit/s deň bolan Internet bir aýda 135 manat (ozal 190 manat) bahasy boýunça, 512 Kbit/s çenli 50 manat (ozal 250 manat) bahasy boýunça 2048 Kbit/s çenli 250 manat bahasy (ozal hyzmat edilmeýärdi) boýunça elýeterli bolar.

Oba ilaty üçin tizligi 256 Kbit/s çenli bolan limitsiz Internete birikme çäräniň dowamynda bir aýda 75 manat bahasy boýunça amala aşyrylar. Munuň özi Türkmenistanyň alys künjeklerinde Internetden peýdalanýanlaryň sanyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň maglumatlaryndan görnüşi ýaly, ýurdumyzda bütindünýä ulgamyndan peýdalanýanlaryň sany yzygiderli artýar. Mysal üçin, 2017-nji ýylyň sentýabrynda ADSL tehnologiýasy boýunça Internet ulgamyna birikdirilen raýatlaryň sany 2016-njy ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdireniňde 2,3 esse ýa-da 230 göterim artdy. Munuň özi pudak düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy enjamlaryň we innowasiýalaryň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda Internetiň her bir raýata elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döredýän köpşahaly aragatnaşyk ulgamynyň üstünlikli hereket edýändigini görkezýär. 

Türkmenistanda Internet hyzmatlaryny hödürlemekden başga-da, bütindünýä ulgamyna elýeterliligi bolan okuw mekdepleriniň sany artýar. Bilim bermegiň döwrebap usullaryny peýdalanmak bilen, okatmaga mümkinçilik berýän kompýuter, multimediýa enjamlary bilen okuw edaralarynyň üpjün edilmegi ýaşlara bilim bermek hem-de dünýä ölçeglerine laýyklykda hünärmenleri taýýarlamak işini guramak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň