Medeniýet meselelerine gözegçilik edýän wise-premýere käýinç berildi

22:2713.10.2017
0
3065

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde medeniýet meseleleri boýunça wise-premýer A.Garajaýewe käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutany medeniýet ulgamynda sungat düýäsinde öz ýoluny gözleýän ýaş zehinleri ýüze çykarmak, şeýle hem geçirilýän medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde alnyp barylýan işlere düýpli nägilelik bildirdi.

Milletiň Lideri bu ugurlarda goýberilen kemçilikler üçin wise-premýer A.Garajaýewe käýinç yglan etmek barada degişli resminama gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň