Soňky habarlar

Arhiw

“Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti boldy

17:4611.10.2017
0
3306

10-njy oktýabrda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti boldy. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratynyň özboluşly senasyna öwrüldi.

Ajaýyp zalda emele gelen ruhubelentlik ýagdaýy türkmenistanlylaryň gülläp ösýän özygtyýarly Watanymyza bolan buýsanjyny beýan edýär. Ýurdumyzyň taryhyna bu gün täze ajaýyp sahypalar ýazyldy.

Ýygnananlar özüniň köpugurly işinde medeniýeti ösdürmek, milli sungatymyzyň özboluşly däplerini aýawly saklamak we baýlaşdyrmak, zehinleri höweslendirmek hem-de goldamak meselelerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimizi ör turup, şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň  hemmetaraplaýyn aladasy döredijilik işgärlerini täze ajaýyp eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Şol eserler bolsa ählihalk baýramçylyklary hem-de ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly wakalar mynasybetli geçirilýän dabaralara özboluşly öwüşgin çaýýar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary mähirli mübärekläp, özi üçin niýetlenen ýere geçýär.

Şu konsertiň maksatnamasyny tapawutlandyrýan žanrlaryň köpdürlüligi türkmen sungatynyň baý kuwwatynyň beýanyna öwrüldi. Konsert çykyşlarynda eziz Watanymyz hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly işleriň başyny başlan milli Liderimiziň – Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, mähriban topragymyzyň täsin gözelligi, öçmez-ýitmez adamzat gymmatlyklary wasp edildi. Artistleriň çykyşlarynda döwürleriň we nesilleriň özara baglanyşygy, mähriban halkymyzyň özüniň ruhy köklerine hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarlylygy beýan edildi.

Baýramçylyk konserti “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde “Arkadagdan Perman bu gün!” diýen joşgunly aýdym-saz — tans kompozisiýasy bilen açyldy. Onda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli işleri bilen aýrylmaz baglanyşykly täze taryhy eýýamyň gazananlary wasp edilýär.

Aýdym-sazly dabaranyň maksatnamasynda sport mowzugy hem öz beýanyny tapdy. “Biz çempionlar” atly aýdym türkmen türgenleriniň ajaýyp gazananlaryna bagyşlandy. Biziň türgenlerimiz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda umumy toparlaýyn hasapda ajaýyp ýeňiş gazandylar.  Bu oýunlar hakyky sport, parahatçylyk we dostluk baýramçylygyna öwrüldi.

“Ýaşulular gerek” hem-de “Eneleri ýatlap ýaşasym gelýär” diýen aýdymlar hormatly ýaşulularymyza hem-de kümüş saçly enelerimize bagyşlandy. Olar baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu aýdymlarda ýurdumyzda iň sylanylýan adamlaryň — ýaşuly nesliň wekilleriniň waspy ýetirildi. Olaryň durmuş tejribesi hem-de parasatlylygy ýaşlaryň ruhy-ahlak we watançylyk terbiýesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilikli özgertmeleri amala aşyrmakda ygtybarly daýanç bolup durýar.

Meşhur aýdymçylar we ýaş ýerine ýetirijiler, “Laçyn”, “Aşgabat”, “Miras”, “Altyn asyr”, “Galkynyş”, “Näzli”, “Meňli”, “Serpaý” ýaly belli tans we folklor toparlary tomaşaçylara öz ussatlyklaryny görkezdiler. Konserte gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri bar. Mälim bolşy ýaly, olara baýraklary gowşurmak dabarasy 7-nji oktýabrda geçirildi.

Şu gün “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň sahnasyndan halk we häzirki zaman aýdymlary, nusgawy aýdym-saz sungatynyň iň gowy nusgalary, şol sanda “Kemine we kazy” operasyndan aýdyşyk ýaňlandy. Tomaşaçylar “Arkadag” atly aýdymy aýratyn ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Özboluşly aýdym-saz-tans kompozisiýalary dabaranyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzyň bäş welaýatynyň tans-folklor toparlary ajaýyp döredijilik sowgadyny taýýarladylar. Wäşiler toparynyň çykyşy  baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Tomaşaçylar gadymy, ýöne häzirki wagtda hem öz meşhurlygyny saklap gelýän, her bir baýramçylykda ýerine ýetirilýän küştdepdi tansyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ruhubelentlige beslenen bu tans nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyny, döredijilik däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrdy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi “Il guwanjy ýaşulular!” atly aýdymy ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hemmeler bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň