Soňky habarlar

Arhiw

Alty sport görnüşi boýunça ilkinji ýaryşlar geçiriler

17:1408.09.2017
0
2353

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynda sportuň 21 görnüşinde ýaryşlar geçiriler. Aşgabat geçiriljek bu sport baýramçylygy bilen bir hatarda, mundan öňki Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny hasaba alanyňda türgenler umumylykda sportuň 40 görnüşinden özara bäsleşdiler.

“Aşgabat 2017”-niň meýilnamasyna alnan 21 sport görnüşiniň 6-sy boýunça ilkinji gezek ýaryşlar geçiriler. Ýagny sportuň guşakly göreş, atçylyk sporty, agyr atletika, sport göreşi, sambo hem-de tennis görnüşlerinden Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň çäklerinde ilkinji bäsleşikler guralar. Başda-da belleýşimiz ýaly, umumylykda sportuň 40 görnüşi häzirki wagta çenli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyna girizilipdi.

Şol sportlaryň arasyndan käbirleri-de mundan öňki ähli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň hem meýilnamasyna alnypdy. Olar tans sporty, futzal, taýboksy, suwda ýüzmek görnüşleridir. Mundan öňki oýunlara seredenimizde, käbir sportlar diňe 1 oýunlaryň hataryna girizilipdir. Mysal üçin, boks, ýaýdan ok atmak, wowinam, petank, žianzi ýaly sportlardan diňe 2009-njy ýylda Hanoýdaky oýunlarda ýaryşlar geçirildi. Kabaddi we hokkeý 2007-nji ýylda Makaudaky oýunlaryň meýilnamasyna alnypdy. Bu oýunlaryň taryhynda aždar we ýolbars tansy, siýansi, pentsak silat, sepak takraw ýaly özboluşly, milli hem-de ýerli sport görnüşlerinden-de bäsleşikler geçirildi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň