Soňky habarlar

Arhiw

Sport üstünliklerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek bäsleşigi jemlendi

23:5506.09.2017
0
4539

Bäsleşige ussat žurnalistler — merkezi we welaýat habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ştatdan daşary awtorlar — nebitçiler, gazçylar, mugallymlar, talyplar we beýlekiler gatnaşdylar. Gazetde çap etmek üçin işleriň 50-si-Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe — sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlaryny beýan edýän makalalar, fotoreportažlar, goşgular seçilip alyndy.

Şu gün redaksiýanyň işgärleriniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň, “Nebitgazhyzmat” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň hem-de myhmanlaryň gatnaşmagynda bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, milli telewideniýäniň, “Türkmenistan” hem-de “Biznes Reklama” gazetleriniň, “Zenan kalby” žurnalynyň žurnalistleri, şeýle hem nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň we ýaşlar guramasynyň işgärleri, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary bar.

Bäsleşigiň ýeňijileri hormat hatlary we baýraklar — döwrebap planşetler, smartfonlar we sagatlar bilen sylaglandylar, olary V Aziýa oýunlarynyň resmi hemaýatkäri bolan “DragonOil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy üpjün etdi.

Şanly senäniň-“Nebitgaz” hepdelik gazetiniň birinji sanynyň çap edilmeginiň 6 ýyllygynyň hormatyna redaksiýanyň iň gowy işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň